Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilen ýylda bellenýän ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 2021-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkiýäniň Ýozgat welaýat we şäher häkimlikleri bilen bilelikde Ýozgat şäheriniň merkezi seýilgähinde ýerleşýän beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.
Gül goýmak dabarasyna Türkiýe Respublikasyndan hormatly myhman hökmünde Ýozgat welaýatynyň häkimi Ziýa Polat, Ýozgat şäher häkimi Jelal Köse we Ýozgat Bozok uniwersitetiniň rektory Ahmet Karadag gatnaşdylar.
Şeýle hem çärä Ýozgat şäher häkimliginiň wekilleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, Bozok uniwersitetinde professor mugallymlary we uniwersitetde bilim alýan türkmenistanly talyplarymyz, şäheriň ýerli raýatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Işanguly Amanlyýew ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli çäreler we ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada çykyş etdi. Şeýle hem Döwlet Baştutanymyzyň liderliginde ýurdumyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşiň kämil belentliklerine göterilýändigi hem-de ýurdumyzda we dünýäde nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny wagyz etmek we dünýä tanatmak boýunça giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Dabarada çykyş eden Ýozgat welaýatynyň häkimi Ziýa Polat we Ýozgat şäher häkimi Jelal Köse Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlap, Türkmenistanyň Türkiýe üçin dost we dogan döwletdigini, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hemişe üstünlikli bolmagyny arzuw edýändiklerini bellediler. Welaýat häkimi Ziýa Polat bir türk şäheri hasaplanýan Ýozgat şäherinde beýik türkmen şahyrynyň 297 ýyllygy boýunça dabaralary geçirmekden hoşal bolandyklaryny mälim etdi. Magtymgulynyň öz gymmatly şygyrlarynda ähli türki halklaryň göwün arzuwlaryny beýan edendigini, şahyryň edebi mirasynyň geçmişden bu güne ýetmeginiň we geljek nesillere miras goýulmagynyň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady.
Gül goýuşlyk dabarasyndan soňra Ýozgat şäherindäki Bozok uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ylmy maslahat geçirildi.
Maslahatyň plenar bölüminde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi I.Amanlyýew, Ýozgat welaýatynyň häkimi Ziýa Polat, Ýozgat şäher häkimi Jelal Köse we Bozok uniwersitetiniň rektory Ahmet Karadag çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Ilçisi öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň garaşsyzlyk we özbaşdak döwlet baradaky ýörelgeleriniň ähmiýetini bellemek bilen, şahyryň bu mowzuk boýunça ýazan goşgularyndan setirleri okady. Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky pikirleriniň häzirki döwürde durmuşa geçendigini, Türkmenistanyň Milli Lideriniň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň durmuşyň dürli ugurlarynda belent sepgitlere ýetendigini belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Kararynyň esasynda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň milli we halkara derejelerde giňden bellenip geçiljekdigini we bu ugurda häzirki wagtdan başlap taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny mälim etdi.
Maslahatda çykyş eden resmi wekiller Magtymgulynyň şygyrlarynyň we edebi mirasynyň türkmen, türk we dünýä halklary üçin uly ähmiýetiniň bardygyny, onuň gymmatly eserleriniň bu gün halklaryň özara ýakynlaşmaklary we gatnaşyklaryny has-da ösdürmekleri üçin ýolgörkeziji bolup hyzmat edýändigini nygtadylar.
Şeýle hem maslahatyň iş bölüminde Türkiýäniň Bozok uniwersitetiniň professory Mehmet Emin Gönen, Ankara uniwersitetiniň mugallymy Dos. Dr. Berdi Saryýew we Ankara Hajy Baýram Weli uniwersitetiniň mugallymy Dr. Emrah Ýylmaz çykyş etdiler. Olar Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, beýik filosof şahyryň gymmatly eserlerinde beýan edilen temalar, nusgawy şahyryň edebi mirasy we onuň dünýä ediýatyna goşan uly goşandy barada giňişleýin bellediler. Soňra maslahat sorag-jogap görnüşinde dowam etdi. Maslahat oňa gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.