JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: 1/8 finalynyň duşuşyklary

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynda topardaky oýunlar tamamlandy. 16 milli ýygyndy 1/8 final tapgyryna çykdy. Mundan soňky duşuşyklar islendik ýygyndy üçin hem örän möhüm ähmiýete eýe bolýar. Utulan ýygyndy öýüne dolanar.

11-nji iýunda başlan Ýewropa çempionatynda 24 ýygyndy Ýewropa yklymynyň iň gowy milli ýygyndysy bolmak üçin bäsleşýär. Şolardan 8 topar topardaky duşuşyklardan soňra öýlerine dolandylar. 16 ýygyndy ýoluna dowam edýär.

Toparynda 1-nji we 2-nji orny eýelän hem-de toparynda gowy netije görkezen 4 ýygyndy 1/8 final tapgyryna çykdy.

1/8 FINAL TAPGYRYNYŇ DUŞUŞYKLARY

26-NJY IÝUN (SAGAT 21:00): UELS-DANIÝA
26-NJY IÝUN (SAGAT 00:00): ITALIÝA – AWSTRIÝA
27-NJI IÝUN (SAGAT 21:00): NIDERLANDLAR – ÇEHIÝA
27-NJI IÝUN (SAGAT 00:00): BELGIÝA – PORTUGALIÝA
28-NJI IÝUN (SAGAT 21:00): HORWATIÝA – ISPANIÝA
28-NJI IÝUN (SAGAT 00:00): FRANSIÝA – ŞWEÝSARIÝA
29-NJY IÝUN (SAGAT 21:00): ANGLIÝA – GERMANIÝA
29-NJY IÝUN (SAGAT 00:00): ŞWESIÝA – UKRAINA

Çempionatyň ýarym final hem-de final duşuşyklary Londondaky Uembli stadionynda oýnalmagy göz öňünde tutulýar.

 

Ronaldo dünýä rekordyny gaýtalady

 

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri täjik parlamentiniň aşaky palatasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

GDA gatnaşyjy-döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

vepa

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana sapary başlanýar