Tutuş dünýäde 21-nji iýun Halkara ýoga güni hökmünde bellenýär. Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň 2014-nji ýylda öňe süren başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 2014-nji ýylyň 11-nji dekabrynda 21-nji iýuny – Halkara ýoga güni hökmünde bellemek hakynda kararnama kabul etdi.
Şu gün dünýäniň ähli ýerinde Halkara ýoga güni mynasybetli çäreler guralýar. Hindistanyň BMG-niň ýakyndaky hemişelik wekilhanasy BMG-niň baş binasynyň golaýynda köp adamyň gatnaşmagynda dabara gurnady.
Häzirki döwürde dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýan döwürde Halkara ýoga güni “Ýoga adamlaryň saglygyny gowulaşdyrýar” mowzugy bilen çäreler guralýar.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 2018–2030-njy ýyllardaky bedenterbiýe işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça meýilnamasynda saglygy gowulaşdyrmak çäreleriniň biri hökmünde ýoga bilen meşgullanmagy maslahat berýär.
Ýoga çagalaryň beden taýdan işjeň bolmagyna kömek edip biler. ÝUNISEF-iň maglumatlaryna görä, çagalar hiç hili töwekgelçiliksiz köp sanly ýoga tälimlerini ýerine ýetirip bilerler. Olar çeýeligi we hüşgärligi ýokarlandyrmaga kömek eder.
Ýoga Hindistanda dörän gadymy fiziki, akyl we ruhy tejribe. “Ýoga” sözi sanskrit dilinden gelip çykyp, beden bilen aňyň birleşmegini alamatlandyrýan “baglanyşyk” manysyny berýär.