JEMGYÝET

Bank we ýokary okuw mekdepleriniň işi kämilleşdiriler

Ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berildi. Bu ugurda görülýän çäreler bank ulgamyny netijeli dolandyrmaga, edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde geçirilen seljerme işleriniň netijelerine laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň banklaryň maýa goýum kuwwatyny artdyrmaga hem-de maýa binýadyny pugtalandyrmaga, bank gözegçiligini kämilleşdirmäge hem-de degişli amallarynyň möçberini giňeltmäge gönükdirilendigini belledi.

Milli Liderimiz “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankyny açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklibi makullap, göz öňünde tutulýan işleri bellenen möhletde hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI HOJALYK HASAPLAŞYGYNA GEÇIRILER

Soňra wise-premýer Maliýe we ykdysadyýet hem-de Bilim ministrlikleri tarapyndan 2021-2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek boýunça amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak bilen bagly teklipler barada maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösen döwletleriň derejesine çykarmagyň, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleri döretmegiň döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridigini belledi. Şundan ugur almak bilen, bu ulgamy yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň hilini dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilen, milli we halkara tejribäni öz içine alýan özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

 

Elektrik stansiýasy we howa menzili gurlar

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy