DÜNÝÄ

BMG-nyň Baş sekretarynyň saýlawy

BMG-nyň Baş sekretarynyň saýlawy şu aýda geçiriler. Häzirki Baş sekretar Antonio Guterreş ýeke-täk dalaşgär bolup durýar. Bu barada Estoniýanyň BMG-däki hemişelik wekili Swen Ýurgenson habar berdi. Mälim bolşy ýaly, 1-nji iýundan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine başlyklyk gezegi Estoniýa geçdi.

Onuň belläp geçişi ýaly, BMG üçin iýun aýynda möhüm bir waka bolar, bu aýda täze Baş sekretar saý;anar. Ýurgenson Estoniýanyň başlyklyk edýän döwründe şeýlw möhüm wakanyň amal aşyrylmagynyň möhüm bolup durýandygyny belledi.

Guterreş ýanwar aýynyň başynda Baş Assambleýa we BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýazan hatynda özüniň BMG-nyň Baş sekretary wezipesine ikinji möhlete dalaşgär boljakdygyny belläpdi. Guterreşiň ilkinji ýolbaşçylyk möhleti 2021-nji ýylyň ahyrynda gutarýar.

Baş sekretar BMG Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan saýlanýar we Baş Assambleýa tarapyndan tassyklanýar we gaýtadan saýlanmak mümkinçiligi bilen iş möhleti bäş ýyl dowam edýär.

Bellenen tejribä laýyklykda BMG-nyň Baş sekretary wezipesine Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzasy bolan döwletleriň (ABŞ, Russiýa, Fransiýa, Beýik Britaniýa, Hytaý) wekilleri saýlanmaýar.

Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylara sanjym edilýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň Wena sapary

Aşgabatda Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi geçirilýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

Nadir Alparslan: Türkiýe we Türkmenistan Ýüpek ýoluny dikeldýärler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ösüş boýunça ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Wengriýada Orban döwri tamamlandy: täze Premýer-ministr Peter Madýar boldy