Ewolýusiýa döwründe musk öküzleri, Arktikanyň ýaşaýyş şertlerine uýgunlaşan häsiýete eýedir. Musk öküzleri uzyn we galyň sütükleri sebäpli aslynda daşyndan has uly görünýär. Musk öküzleri möhüm jynsy dimorfizm bilen häsiýetlendirilýär. Ortaça, musk öküzleriň egnindäki beýiklik 132-138 sm, agramy 260-dan 650 kg aralygynda bolýarlar. Musk öküzleri beden agramyna 350 kg, egniniň beýikligi 150 sm çenli ýetýär. Urkaçylarynyň agramy erkekleriň agramynyň 60% -ine, egnindäki ösüş 120 sm-e ýetýär. Musk öküzleriň agramy 650 kg-a ýetýär. Haýwanlaryň ululygy we agramy azyk üpjünçiligi bilen baglanyşykly ýaşaýyş durmuşyna hem uly täsir edýär. Şeýlelik bilen, iň uly musk öküzleri Grenlandiýanyň günbatarynda, iň kiçisi bolsa demirgazykda ýaşaýarlar. Egninde dar arka bilen birleşýän bir bölek bar. Musk öküziň aýaklary Egrilik bilen ölçelende, yzky aýaklar öň aýaklaryndan has uzyn bolýar. Musk öküzleriniň garda we gaýalarda gezmek üçin uýgunlaşan uly, tegelek toýnaklary bar. Mundan başga-da, öňdäki toýnaklar arka toýnaklaryndan has uludyr we musk öküzleriniň garyň aşagynda iýmit gözlemegini aňsatlaşdyrýar.
Musk öküziniň kellesi gaty uly we uzyn bolýar. Kellesinde maňlaýynda uly düýpli ýiti tegelek şahlary bar. Şahlary alty ýaşa çenli ulalýar. Şahlary ilki egrelýär, soň öňe we ýokaryk tarap ösýär. Musk öküzleriň, ene musklardan has uly şahlary bar. Musklar şahlary bilen ýyrtyjy haýwanlardan goranmaga ukyply haýwanlardyr. Musklaryň goňur gözleri, ownuk gulaklary bardyr gölelerde 3 sm, ulularda bolsa 6 sm bolýar we sütük astynda gizlenendir. Guýrugy gölelerde 6-6,5 sm, uly musklarda 12,2 – 14,5 sm bolýar. Musklaryň ýüňleri goýun ýüňünden sekiz esse ýylydyr. Musk öküzleriniň duýgur organlary ösen. Muska öküziniň garaňky ýa-da polýar gijede zatlary tanap bilýän uly gözleri bar. Ys duýgusy keýiklere garanyňda pesdir.Muska öküzleri eşidiş ýa-da optiki aragatnaşyk arkaly biri birileri bilen düşünüşmek ukybyna eýedir. Musklaryň täze doglan göleleriniň agramy 8-10 kg aralygynda bolýar.
SULTANOW DÖWLET,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.