BILIM

Diplom ykrar etmek boýunça käbir aýratynlyklar

Diplom ykrar etmek boýunça talaplary saýtymyza yzygiderli ýerleşdirip gelýäris. Bu habarda bolsa diplom ykrar etmek boýunça käbir aýratynlyklary Size ýetirýäris. Bellemeli zat, bu habarda berilýän maglumatlary saýtymyza ýerleşdirilen beýleki degşişli habarlar bilen bilelikde okamak maslahat berilýär. Halkara diplomyň ykrary bilen baglanşykly ähli habarlaryň linkleri bu habaryň ahyrynda Size ýetirilýär.

Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilmedik hünärler (taýýarlygyň ugurlary) boýunça daşary ýurt döwletleriniň hünär bilimi edaralarynyň beren Resminamalary degişli ugurdaş hünär boýunça ykrar edilýär.

Hünärleriň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, degişli (ugurdaş) hünär bilimine bildirilýän talaplara laýyk getirmek maksady bilen, bir ýyla çenli möhletde goşmaça tölegli okuwlar guralýar.

Daşary ýurt döwletiniň bilim ýa-da bilim çygrynda dolandyryşy amala aşyrýan edarasynyň beren resmi haty ýa-da arhiw kepilnamasy uçurymyň hakykatdan hem okandygyny, okuw meýilnamasyny doly özleşdirendigini we onuň adyna Resminama berlendigini, Resminama bolsa, uçurymyň taýýarlygynyň mazmunynyň we hiliniň döwlet bilim standartlaryna laýyklygyny tassyklamak üçin esas bolup durýar.

Synaglar haçan geçirilýär?

Resminamalary ykrar etmek üçin olaryň eýeleri Türkmenistanyň jemgyýeti öwreniş we hünär ugruna degişli dersler boýunça Türkmenistanyň Döwlet synaglaryny bellenen tertipde tabşyrýarlar. Döwlet synaglary ýylda 4 gezek (fewral, maý, sentýabr we noýabr aýlarynda) döwlet dilinde geçirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet synaglaryndan üstünlikli geçenleriň ýa-da şu Tertibiň ikinji bölegine laýyklykda synaglardan boşadylanlaryň Resminamalarynyň ykrar edilendigi barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky ykrar şahadatnamasy berilýär.

Ýerli we halkara okuw mekdepleri: Ähli habarlar bir ýerde

 

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

 

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistan-BAE: oba hojalyk ylmynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmen-arap ylym-bilim hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Ýewropa Bilim gaznasy: bilim hyzmatdaşlygy ösdüriler

Aşgabatda pars şygryýeti we edebiýaty çäresi geçirildi

Türkiýe-Azerbaýjan uniwersiteti açylar

Türk uniwersitetleri dünýädäki ornuny güýçlendirýär