Germaniýanyň “Bawariýa” topary özüniň yzly-yzyna 9-njy çempionlygyny gazandy. Şeýlelikde bu topar Italiýanyň “Ýuwentus” topary bilen yzly-yzyna 9 gezek çempion bolmak üstünligi bilen deňleşdi. Her iki topary 9 çempionlygy bar.
Bu ugurda üçünji orunda Fransiýanyň “Lion” topary barýar. Onuň yzly-yzyna 7-nji çempionlygy bar. Dördünji orunda Russiýanyň “Sapartak” topary bar. Rus topary 10 gezek Russiýanyň çempiony boldy, ýöne 1996-2001-nji ýyllarda 6 gezek yzly-yzyna çempion bolmagy başarypdy.
Şeýle hem bu sanawda “Real” we “Porto” 5 gezek, “PSW” we “Aýaks” 4 gezek, “Mançester Ýunaýted” 3 gezek yzly-yzyna gazanan çempionlygy bilen öz ornuny aldy.
“Bawariýa” toparynyň çempionlygyna gaýdyp gelenimizde, Germaniýanyň futbol çempionaty bolan “Bundesliga”-nyň 32-nji tapgyrynda “Borussiýa Dortmund” topary “Leipzig” toparyny 3:2 hasabynda ýeňenden soňra “Bawariýa” yzly-yzyna 9-njy, umumylykda 31-nji çempionlygyny eýeledi.
Şeýlelikde bu german topary çempionatyň tamamlanmagyna 2 hepde galanda çempion bolmagy başardy.