JEMGYÝET

Türkmenistan Hindistana ynsanperwer kömegini iberer

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistandaky koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly çylşyrymly ýagdaýy göz öňünde tutup, bu ýurda ynsanperwer kömegini ibermek babatda degişli resminama gol çekdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň habar bermegine görä, ýurdumyzyň hökümeti Hindistanda ynsanperwer kömegini iberer. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Hindistana iberiljek ynsanperwer kömegi üçin harytlaryň sanawy kesgitlener we ony öz wagtynda Hindistana iberilmegi üçin zerur bolan guramaçylyk işleri amala aşyrylar.

Dünýäniň köp sanly metbugat gulluklaryndaky habarlara görä, Hindistan häzirki wagtda koronawirus ýokanjy zerarly kyn ýagdaýlar başdan geçirýär. Dünýäniň köp sanly ýurdy Hindistana ynsanperwer kömegini iberýär. Türkmenistan döwletimiz hem şolaryň hatarynda bu ýurda öz kömegini ugradar.

Atavatan Krosswordy ilkinji bolup Çözüň: Sowgady utuň!

Related posts

Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal nebit ministri bilen duşuşdy

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky 13,1 milliard ýewro maýa goýdy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri.

Ata Watan Eserleri