SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjym etdirene pul berler

Serbiýada 7 million ilatyň 1,3 millionyna koronawirus ýokanjyna garşy 2 doza sanjym edildi. Şondan soňra köpçülikleýin sanjym depgini pese gaçdy. Ýurduň Prezidenti Aleksandr Wuçiç köpçülikleýin sanjymyň depginini ýokarlandyrmak maksady bilen täze karar kabul etdi.

Şoňa laýyklykda, sanjym bolanlara 3 müň dinar (takmynan 25 ýewro) möçberinde pul berler. Şeýle hem Wuçiç sanjym bolmadyk döwlet işgärleriniň koronawirus ýokanjy bilen kesellän halatlarynda tölegli rugsadyň berilmejekdigini mälim etdi.

Ýurduň Prezidenti Wuçiç maý aýynyň ahyryna çenli “Covid-19” ýokanjyna garşy sanjym bolanlara töleg ediljekdigini belläp geçdi. 25 ýewro almak isleýänler 31-nji maýa çenli sanjym bolmaly. Sanjym etdirene pul bermegi wada eden ilkinji ýurt Serbiýa boldy.

Wuçiç sanjym bolmaýanlaryň jogapkärçilikli çemeleşmäge çagyryp, ýokanjyň emele getirýän kynçylyklaryna düşünip, sanjym bolýanlary höweslendirmek maksayd bilen pul baýraklarynyň goýlandygyny mälim etdi.

Serbiýa koronawirus ýokanjyna garşy Russiýanyň “Sputnik V” hem-de Hytaýyň “Sinopharm” sanjymlaryny satyn aldy.

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing-duşuşygy

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda Malaýziýa Türkmenistandan 10 750 syýahatçyny kabul etdi

Türkmenistan bilen Malaýziýa: syýahatçylykda 20-den gowrak şertnama gol çekildi

Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Baku–Aşgabat uçar gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligi öwreniler

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär