JEMGYÝET

Täze awtobus gatnaw ugurlary açyldy

“Türkmenawtoulaglary” agentligi ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 54-nji “Teke bazar – Arkadag oteli” we 70-nji “Parahat – D.Azady metjidi” awtobus ugurlarynyň açylýandygyny Siziň dykgatyňyza ýetirýär. Bu barada agentligiň resmi internet sahypasynda bellenilýär.

  • 54-nji “Teke bazar – Arkadag oteli” ugur boýunça awtobus “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “M.Kaşgary köçesi – D.Azady köçesi – A.Nyýazow şaýoly – Görogly köçesi – A.Nowaýy köçesi – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Çandybil şaýolyndan günbatara aýlanyp Bekrewe şosse – Arçabil şaýoly aýlawyndan” yzyna “Bitarap Türkmenistan şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – M.Kösäýew köçesi – A.Gowşudow köçesi” bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.
  • 70-nji “Parahat – D.Azady metjidi” ugur boýunça awtobus “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “A.Garlyýew köçesi – 10 ýyl Abadançylyk köçesi – N.Andalyp köçesi – Hoja Ahmet Ýasawy köçesin yzyna aýlanyp N.Andalyp – Arçabil şaýoly – Halkara Nebit we Gaz uniwersitetinden aýlanyp” hem-de yzyna “Anakara köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçesi – A.Garlyýew köçesi” bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-33-90, 44-33-91

Baku ― Tblisi ― Jeýhan akymy boýunça daşalýan türkmen nebitiniň mukdary artýar

Ýene-de okaň

BMG-niň Awazadaky forumynda žurnalistler üçin zerur şertler dörediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awazada halkara foruma taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy

Türkmenistan Ukrainanyň teleýaýlymynyň habaryna nägilelik bildirdi

Ata Watan Eserleri

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampa gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy