SPORT

Dünýä belli tälimçi “Roma” toparyna tälim berer

Dünýä belli portugaliýaly tälimçi Žoze Mourinýo täzeden tälimçilige bellendi. Ol täze möwsümden Italiýanyň “Roma” toparyna tälim berer. Bu babatda 3 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

Sport metbugat gulluklarynyň habar bermegine görä, Žoze Mourinýo 2024-nji ýylyň tomsuna çenli italýan toparyna tälim berer. Onuň tälimçilik işi 2021/22-nji möwsümde başlaýar.

Portugaliýaly tälimçiniň soňky tälim beren topary Angliýanyň “Tottenhem” topary boldy. Ol bu toparyň tälimçiliginden geçen aýda boşadyldy.

Mourinýonyň ozal hem Italiýanyň toparyny tälim bermek tejribesi bar. Ol “Inter” topary bilen Italiýanyň 2 gezek çempiony, ýurduň kubogyny we Superkubogyny hem-de Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.

Italiýanyň “Roma” toparynyň häzirki tälimçisi Paulu Fensekanyň möwsümiň ahyrynda wezipesi tamamlanýar.

Mourinýo ozal Angliýanyň “Mançester Ýunaýted”, “Çelsi”, “Tottenhem”, Ispaniýanyň “Real Madrid”, Italiýanyň “Inter”, Portugaliýanyň “Porto”, “Unian Leýriýa” we “Benfika” toparlaryna tälim berdi. Ol tälimçi hökmünde Çempionlar ligasynyň kubogyny eýeläp, Angliýanyň, Portugaliýanyň, Ispaniýanyň hem-de Italiýanyň çempiony bolmagy başarypdy.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň telefon söhbetdeşlikleri

 

Ýene-de okaň

Messiniň taryhy rekordy

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy