JEMGYÝET

Dünýä belli ýazyjynyň ýanýoldaşy aradan çykdy

Dünýä belli ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň ýanýoldaşy Mariýa Aýtmatowa aradan çykdy. 79 ýaşyndaky Mariýa Aýtmatowa Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde ýogaldy.

Mariýa Aýtmatowa halkara derejesindäki köp sanly baýragyň eýesi bolan Çingiz Aýtmatowyň ikinji aýalydyr. Çingiz Aýtmatow bilen Mariýa Aýtmatowa 1980-nji ýylda durmuş gurupdy. Olaryň bir ogly we bir gyzy bar.

Mariýa Aýtmatowanyň gelini Sabira Aýtmatowa gaýynenesiniň örän mähirli we paýhasly aýaldygyny belläp, maşgalasy üçin öňüni alyp bolmajak uly ýitgi bolandygyny belledi.

Şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow Mariýa Aýtmatowanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Şol hatda şeýle diýilýär: “Bu diňe bir maşgalasy we dostlary üçin däl, eýsem hemmämiz üçin ullakan ýitgi. Aýtmatow maşgalasynyň ähli garyndaşlaryna we dostlaryna gynanç bildirýärin. Gyrgyzystany bütin dünýäde şöhratlandyran beýik ýazyjynyň durmuşynda Mariýa Aýmatmatowa uly orun degişlidi. Ol söýgüli aýal we ygtybarly dost, aladaly ene, wepaly aýal hökmünde ýadymyzda hemişelik galar”.

Çingiz Aýtmatow hem 2008-nji ýylda aradan çykypdy. Ol dünýä belli ýazyjy hökmünde tanalýar. Onuň eserleri 157 dile terjime edildi. Ol 2008-nji ýylyň maýynda Russiýanyň teleýaýlymy üçin dokumental filmde surata düşmek üçin Tatarystana gideninde, ýarawsyzlanypdy we şol ýerden Germaniýa bejergi üçin äkidilipdi. 2008-nji ýylyň 10-nji iýunynda aradan çykypdy.

 

Çagalar Iňlis dilini Makul Sözlemler bilen aňsat öwrenýär!

 

 

 

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri