Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde iş saparynda bolup, ýerlerde öz ugurlary boýunça alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagy hem-de işleriň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
- Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer G. Müşşikowa, ýurdumyzyň sebitlerinde iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny ýerinde görmek we seljermek, Ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň welaýat düzümleriniň işleriniň hem-de hyzmatlarynyň talabalaýyk guralyşy bilen tanyşmak üçin, 29–31-nji mart aralygynda Daşoguz, 31-nji mart – 1-nji aprel aralygynda Balkan, 2-nji aprelde hem Lebap welaýatlaryna baryp görmegi tabşyrdy.
- Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işlere, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşyk işlerine we beýleki durmuş maksatly binalarda hem-de desgalarda alnyp barylýan işlere ýerinde gözegçilik etmek üçin, 29-njy mart–2-nji aprel aralygynda Mary we Lebap welaýatlaryna baryp görmegi tabşyrdy.
- Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, gowaça ekişiniň we bugdaýa ideg etmek işleriniň geçirilişini, şeýle hem suw desgalarynda we edara-kärhanalarynda alnyp barylýan işleri ýerinde seljermek we bu işlere ýardam bermek üçin, 29–30-njy mart aralygynda Ahal, 31-nji mart – 1-nji aprel aralygynda Daşoguz, 2–3-nji aprel aralygynda hem Mary welaýatlaryna baryp görmegiň zerurdygyny aýtdy.
- Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýubileý ýylynda açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik we durmuş maksatly binalarda hem-de desgalarda alnyp barylýan işleri ýerinde görmek we seljermek maksady bilen, 29–30-njy martda Lebap, 31-nji martda Daşoguz, 31-nji mart –1-nji aprel aralygynda Balkan, 2-nji aprelde hem Ahal welaýatynda bolar.
- Hormatly Prezidentimiz ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşmak üçin, wise-premýer B.Öwezowa 29–30-njy mart aralygynda Lebap, 31-nji mart–2-nji aprel aralygynda bolsa Balkan welaýatlarynda bolmak barada görkezme berdi.
- Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa desgalaryň gurluşyk işleriniň geçirilişini ýerinde baryp görmek, dokma we söwda kärhanalarynda işleriň guralyşy, Oba milli maksatnamasy we kabul edilen beýleki maksatnamalar esasynda telekeçiler tarapyndan alnyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşmak üçin, 29-njy mart – 2-nji aprel aralygynda Ahal welaýatynda bolmak tabşyryldy.
- Milli Liderimiz Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Mary welaýatynda geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk, şeýle hem Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda gurluşygy alnyp barylýan «Türkmeniň ak öýi» binalarynda gurluşyk işleriniň gidişi bilen tanyşmak üçin, wise-premýer M.Mämmedowa 30–31-nji mart aralygynda Lebap we Mary, 1-nji aprelde Daşoguz, 2-nji aprelde bolsa, Balkan welaýatlaryna baryp görmegi tabşyrdy.
- Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazowa şu ýyl paýtagtymyzda geçiriljek iri halkara ýaryşlaryny ýokary derejede guramak maksady bilen, daşary ýurtly türgenleriň we wekilleriň Halkara howa menzilinde, ýaşajak we iýmitlenjek ýerlerinde alnyp barylmaly işleri, Olimpiýa şäherjigindäki Welotrek we Tennis toplumlarynyň taýýarlygyny, şol ýerde ýygyndy toparlaryň ýerine ýetirmeli amallarynyň tertibini, Halkara ýaýlyma beriş merkeziniň, ilkinji lukmançylyk kömegi nokatlarynyň işini, jemgyýetçilik howpsuzlyk düzgünlerini, degişli çäklerde arassaçylyk we zyýansyzlandyryş çärelerini öwrenmek üçin, 29-njy mart – 2-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde iş saparynda bolmak barada görkezme berdi.
- Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Hökümet agzalary bilen bilelikde Türkmen-rus hökümetara iş toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek üçin 30-njy mart – 2-nji aprel aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparyna ugraýandyklaryny belledi.
- Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň ýetip gelýän Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ýerlerde görülýän taýýarlygy bilen tanyşmagy tabşyrdy.
- Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, indi mundan beýläk palatalaryň we tutuş Milli Geňeşiň doly işlemegi üçin käbir guramaçylyk meselelerine seretmelidigini belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy döredildi