SIZDEN GELENLER

 Injir bagy

         Injir tutlar masgalasyna degişli bolup, ýyly howa şertlerinde ösüp ýokary hasyl berýän, güýçli ösýän gyrymsy ösümlikdir. Injir toprak saýlamaýar, dürli toprak şertlerinde ösýär we 3-4 ýyldan hasyl berip başlaýar. Subtropiki miweli baglaryñ arasynda injir suwy köp talap edýär. Üç we bäş penjeli uly ýapraklaryndan gektardan 14-18 tonna suw bugardýar. Köpetdagda we dag etek ýerlerinde ýabany injir baglaryñ ak, sary, gara, gök iýmiş berýän görnüşleri duş gelýär. Medeni injir baglary ýurdumyzyñ subtropiki howaly etraplarynda has köp ekilýär. Injir baglary ýokary hasyl getiryärler. Injir baglarynyň boýy 4-5 metre ýetýär. Injiriň bir ýylyk çybyklary, düýpden çykanlary bilen köpeldilip 8-9 aýyñ dowamynda gowy kökden nahallary ösdürilip ýetişdirilýär.Injir nahalhanasynda injir çybyklary ir ýaz aýlary mart-aprelde bir ýyllyk uzynlygy 35-40 sm çybyklary bilen oturdylýar.

Nahallar oturdylandan soñ, güýz aýyna çenli 10-15 gezek suw tutulýar, haşal otlardan arassalanýar, hatar ara bejergi geçirilýär we 3-4 gezek azot döküni bilen gektara 30 kg möçberde iýmitlendirilýär. Injir nahallary goparlyp, sortlanyp, açyk meýdanda önümçilikde oturtmak üçin iberilýär. Injir oturdyljak ýer 6×3 m we 6×4 m usullarda bölünip, çukurlar gazylyp taýýar edilýär. Ýaş injir bagy ösüşiniñ dowamynda 8-10 gezek suwarylýar we 2-3 gezek iýmitlendirilýär. Ýylyñ dowamynda ir-iýmişleri 2 gezek ösüp bişip ýetişýärler. Gyş fewral aýy hasyl berýän injir bagy kesilip timarlanýar. Şu döwürde nahallyk çybyklar taýýarlanylýar. Injir agajy gyrymsy erkin ösýän 4-5 sany hasyl getiriji şahalar görnüşde timarlanylýar. Hasyl getirýän ijnir bagynyñ doly bişip ýetişen miwesi saýlanyp ýygylýar. Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän hasyl berýän injir baglaryndan 12-24 kg injir iýmişi ýygnalýar. Önümçilik şertlerinde gara, sary, gök we ak injir şeýle hem Adriatika, Dolmatika sortlary ösdürilip ýetişdirilýär.

                                                                                      Gunça  NAZAROWA,

                                                         Türkmen oba hojalyk  institutynyň mugallymy

 

 

Gurluşyklaryň döwlet buýrujysy gullugy dörediler

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti