SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Beýik Britaniýada sanjym rekordy

Beýik Britaniýada koronawirus pandemiýasyna garşy gündelik sanjym rekord derejede dowam edýär. Uly ýaşly ilatyň ýarysyna sanjymyň azyndan bir dozasy berlendigi mälim edildi. Bir günde 711 müň 156 adama sanjym etmek bilen rekord goýuldy.

Angliýada uly ýaşly ilatyň ýarysy sanjymyň azyndan bir dozasyny aldy. Bu barada ýurduň saglygy goraýyş ministri Matt Hankok habar berdi. “Beýik Britaniýadaky ähli ulularyň ýarysyna sanjym edendigimize diýseň begenýärin. Bu gaty uly üstünlik. Sanjym bu epidemiýany ýeňip geçmegiň esasy ýoludyr” – diýip belledi.

Ahyrynda gündelik sanjym rekordy ikinji gezek goýuldy. Bir günde 711 müň 156 adama sanjym edildi. Ýurtda sanjymyň ilkinji dozasyny alan adamlaryň sany 27 milliona golaýlady.
Oksford uniwersitetiniň işläp düzen sanjymynyň ilkinji dozasyny alan ýurduň Premýer-ministri Boris Jonson halky hem sanjym edilmegine çagyrdy.
Ýurtda iýul aýynyň ahyryna çenli ähli ululara sanjym etmegi maksat edinýär.

 

Olimpiýa oýunlaryna daşary ýurtdan tomaşaçy kabul edilmeýär

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar

4 aýda Özbegistana 4 milliondan gowrak syýahatçy geldi

“RŽD” Türkmenistana bolan syýahatçylyk ugurlaryna gyzyklanma bildirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurta uçuşlary 3-nji terminaldan ýerine ýetiriler

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi