UFC başa-baş söweş sungatlarynyň ýeňil agramdaky çempiony Habib Nurmagomedow 32 ýaşyndan sport durmuşyny resmi taýdan tamamlady. Bu barada UFC guramasynyň ýolbaşçysy Deýn Uaýt özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torundaky hasabyndan mälim etdi.
– Ol resmi taýdan sport ýoluny tamamlady. Sen işlän wagtyň syn etmek ajaýyp duýgudy. Saňa ähli zatlar üçin köp sag bolsun aýdýaryn. Mundan soňky durmuşyňdan lezzet al – diýip, Uaýt jemgyýetçilik torundan hasabyndan beýan etdi.
Habibiň özüi hem UFC guramasynyň ähli toparyna özüni görkezmäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol hem özüniň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky hasabyndan Deýn Uaýty hiç wagt unutmajakdygymy, kakasynyň hem unutmandygyny, çagalaryň hem ony unutmajakdygyny belledi.
32 ýaşly Habib Nurmagomedow 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda amerikaly Jastin Getžini ýeňenden soňra sport durmuşyny bes etjekdigini mälim edipdi. Ol şu wagta çenli 29 tutluşyga çykyp, olaryň ählisine hem ýeňiş gazandy.
Nurmagomedow 2018-nji ýylyň 7-nji aprelinde amerikaly El Ýakwintini eminleriň çözgüdi bilen ýeňip, UFC-niň çempiony bolupdy. Ol soňra Makgregor, Porýe hem-de Getži bilen tutuluşyga çykyp, öz çempionlyk derejesini gorapdy.