JEMGYÝET

Russiýadan ekologiýa arassaçylygyna uly ädim

Russiýanyň hökümeti iýmit we dürli içgiler üçin niýetlenen bir gezek ulanylýan plastik gaplary ulanmakdan tapgyrlaýyn daşlaşmakçy.

Ýurduň wise-premýeriniň orunbasary Wiktoriýa Abramçenkonyň aýtmagyna görä, bu çäklendirmeden gorkmak üçin hiç hili esas ýok.

Ýewraziýa ykdysady özgertmeler strategiýasyna laýyklykda, Russiýadan başga-da, Ermenistanda, Gyrgyzystanda, Belarusda we Gazagystanda 2025-nji ýyla çenli bir gezek ulanylýan plastik gaplardan tapgyrma-tapgyr uzaklaşmak boýunça işler geçiriler.

Häzir bu babatda ýörite meýilnama işlenip düzülýär. Meýilnamanyň şu ýylyň birinji çärýeginiň ahyryna çenli tassyklanmagy mümkin. Şeýlelikde, bu döwletlerde ekologiýa taşlanylýan zyýanly galyndylaryň birnäçe tonna çenli azalmagy mümkin.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/sputnik-v-nace-wagt-guyjuni-saklayar/

Ýene-de okaň

Türkmenistanda gender deňligi boýunça täze bäşýyllyk meýilnama tassyklanyldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

C5+1: Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň medeniýet ministrini kabul etdi