JEMGYÝET

Ýaponiýaly režissýor Obaýaşi aradan çykdy

Ýaponiýanda iň talantly kino režissýorlaryň biri bolan Nobuhiko Obaýaşi 82 ýaşynda aradan çykdy. Ol birnäçe gorkuly komediýa žanr esasynda döredilen ýapon filmleriň edebi esasyny ýazdy we olara režissýorlyk etdi. Ol 40-dan gowrak filmleri, müňlerçe telegepleşikleri we başga-da birnäçe wideolary düşürip tomaşaçylara ýetirdi. Obaýaşiniň režissýorlyk eden filmleriň aglabasy tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanan filmleriň hatarynda tanalýar. Onuň döreden filmleri kino äleminde birnäçe abraýly baýraklaryň eýesi bolmagy başardy. Ol 2016-njy ýyldan bäri müdümilik keseli bilen göreşip gelýdi. Dünýä belli režissýor ýapon kino sungatyny ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda ömrüni bagyş etdi.

Nobuhiko Obaýaşi 1938-nji ýylyň ýanwar aýynyň 9-yna doglan.

Related posts

Pandemiýa sebäpli nemes diline 1200 söz goşuldy

Türkmen Liderine Bağımsızlık Hediyesi

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti:Türkmenistan bilen Hytaý hakyky dostlar we ygtybarly hyzmatdaş