DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasy hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktory Gaý Raýder bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Global pandemiýanyň dünýäde durmuş-ykdysady ýagdaýlara edýän täsiri we sebit hem-de halkara derejelerindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli derejedäki hereketleri, şol sanda Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilendigi beýan edildi.

Halkara zähmet guramasynyň Konwensiýalaryna Türkmenistanyň mundan beýläk-de goşulmak meselelerine jikme-jik seredildi.

 

Hususy dermanhanalaryň telefon belgisi we salgysy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň baş assambleýasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Kýurasao milli ýygyndysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkmenistan kreatiw we döredijilik boýunça halkara maslahata gatnaşdy