TEHNOLOGIÝA

“Apple” kompaniýasy Germaniýa maýa goýar

ABŞ-nyň dünýä belli “Apple” kompaniýasy Germaniýanyň Bawariýa sebitinde maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin sebitdäki ylmy-barlag we ösüş bölümlerini Ýewropanyň çip taslamalaşdyryş merkezine öwürmekçi.

Bu babatda 1 milliard ýewrodan gowrak maýa goýmagy meýilleşdirýär. 2019-njy ýylda “Apple” kompaniýasy “Intel” şereketiniň Kirçheim şäherindäki “akylly” telefonlar üçin modem öndürýän desgasyny satyn alypdy. Bu ýerde giň gerimli işler ýola goýlup, 40 döwletden 1500 inžener işledilýär. Kompaniýanyň Germaniýada takmynan 4 müň işgäri bar.

Şeýle hem “Apple” kompaniýasy Germaniýanyň Mýunhen şäherini özüniň öňümçilik merkezine öwürmegi meýilleşdirýär. Bu ýerde 5G ulgamy bilen täzeçil tehnologiýalary işläp düzer.

“Makul Hyzmat Terjime”: Intellektual telekeçilik başlangyçlary

 

Related posts

Telegram öziniñ täze funksiýasyny hödürleýär

Türkmenistanda 294 web saýt döredildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň sanly Konsepsiýa-2028: emeli aň ykdysadyýeti, 5G, TransHazar kabel geçirijisi

Ata Watan Eserleri