JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (15-21-fewral)

2021-nji ýylyň 15-21-nji fewraly aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03-20.04)

Bu hepde hamal ýyldyzy astynda doglanlaryň pul we maliýe meseleleri çözüler. Bu döwürde maddy ýagdaýyňyz ýokarlanar. Emma muňa garamazdan, siz pul serişdeleriňizi oňyn zatlar üçin sarp etmelisiňiz. Haýyr-sahawat işlerini etmek maslahat berilýär. Şeýle edeniňizde siziň işleriňiz has-da ugryna bolar. Saglyk ýagdaýyňyz adatdakylar ýaly gowy.

Sowur (öküzçe 21.04-20.05)

Bu hepde sowurlar biraz «ne Ýerde, ne-de Asmanda» diýip başlamagyňyz mümkin. Pikiriňizi aýdyň saklamakda kynçylyk çekip bilersiňiz. Hepdäniň ortalarynda özüňizi has güýçli duýarsyňyz. Emma bu döwürde pul meselesinde biraz kynçylyk çekip bilersiňiz. Köpçülik ýerlerinde «men» diýen sözüňizi azaldyp, men-menlik etmekden saklanyň!

Jöwza (ekizekler 21.05-21.06)

Bu hepdäni  jöwzalar oňyn başlarlar. Hepdäniň ortalarynda, jübi telefonyňyz ýa-da beýleki zerur tehnologiýalaryňyzda bir mesele döräp bilmegi ähtimal. Ýöne bu meselelere aýratyn üns bermezlige çalyşyň. Ilki bilen bu döwürde gowy uklamaga we akyl saglygyňy goramaga synanyşyň. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda gowy zatlary başdan geçirip bilersiňiz.

Seretan (leňňeç 22.06-22.07)

Bu hepdäni çynlakaý işewür adam hökmünde möhüm wakalarda we kararlarda tapyp bilersiňiz. Hepdäniň ortalarynda jemgyýetçilik ýerlerde, baýramçylyklarda çykyşlar etmeli bolmagyňyz mümkin. Dynç günlerini özüňizi has köp ösdürmäge, dartgynlylykdan saplanmaga sarp ediň. Biznes bilen meşgullanýan seretanlar söwda işlerine has-da aýratyn ähmiýet bermelidirler.

Eset (ýolbars 23.07-23.08)

Bu hepdäniň başynda esetler mahabat we daşary ýurtlar bilen baglanyşykly meseleleriň arasynda özüni tapyp bilerler. Şeýle ýagdaýda arkaýyn we asuda bolmak, howlukmaç hereket etmezlik peýdalydyr. Hepdäniň ortalarynda, karýera we iş meseleleriňiz ýeňilleşer. Şonuň bilen bir hatarda hem maliýe ýagdaýyňyz ýokarlanar.

Sünbüle (gyz 24.08-23.09)

Bu hepdäni sünbüleler ýadaw we içgysgynç başlamaklary mümkin. Hepdäniň ortasynda iýip-içýän zatlaryňyza aýratyn üns bermek maslahat berilýär. Hepdäniň ahyrynda karýera we iş meselesiniň gün tertibine aýratyn ähmiýet bermelisiňiz. Sünbülelere mümkin boldugyndan golaýda dynç almalydyrlar. Maşgala agzalary bilen gyzykly wagt geçirmek olaryň işjeňligini artdyryp biler.

Mizan (terezi 24.09-23.10)

Bu hepde mizanlar gödek hereketlerden daşda durmalydyrlar. Ýogsa, durmuşyňyzda düzedip bolmajak düýpli ýalňyşlyklaryň üstünden baryp bilersiňiz. Ýanýoldaşyňyz bilen hem araňyzdaky mähribanlygy has-da berkitmäge çalşyň. Ýyldyzlar mizanlara ylalaşykly bolmagy maslahat berýärler.

Akrap (içýan 24.10-22.11)

Bu hepdede akraplar ak ýürekden yhlasly zähmet çekseler üstünlik gazanarlar. Öte ýadamaň, iş günlerinden soň gowy dynç almaga çalşyň. Tutanýerlilik akraplara üstünlik getirer. Agzybirlik, hoşniýetlilik üstünligiň açarydyr. Işde haýsydyr bir çözgüt göwnüňize ýaramasa onuň üçin gaharlanmaň, meseläni düşünişmeklik ýoly bilen çözmäge çalşyň.

Kowus (keman 23.11-21.12)

Bu hepdede kowuslaryň öz isleglerine görä işläsleri geler, emma bu töwerek-daşyndaky adamlara ýaramaz. Ünsli boluň, özüňizi alyp barşyňyza dogry baha bermäge çalşyň. Işiňiziň köpdügine seretmezden, saglygyňyz hakda alada etmegi unutmaň. Bu hepde kowuslar iş-hünär babatda täze teklipleri öňe sürerler. Kalbyňyzda ýaramaz hyýallara orun bermäň.

Jedi (owlak 22.12-20.01)

Bu hepde jedi ýyldyzynyň astynda doglanlar köp zatlara ynanmazlar. Şonuň üçin olara hyzmatdaşlarynyň ýardamy gerek bolar. Eger-de hyzmatdaşlaryňyz täze taslama teklip etseler, olary diňlemegiňiz gerek. Wagtyňyzy we puluňyzy tygşytly ulanyň. Kärdeşleriňiz bilen güýjüňizi birikdiriň. Bu hepde jedilere maliýe meselelerini çözmek üçin hem amatly döwürdir.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu hepde daluwlar üçin ähli mesele babatda amatly bolar. Rahatlanyň, özüňizi ele almagyň wagty geldi. Eger siz dostuňyzyň göwnüne degen bolsaňyz, onda onuň göwnüni tapmagyň ýollaryny gözläň. Öňümizdäki hepdede girdeji getirjek bähbitli geleşikleri başlamaga, täze taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik dörär. Sap ýürek bilen işläň, siziň zähmetsöýerligiňiz ajaýyp netijesini berer.

Hut (balyk 21.02-20.03)

Bu hepde hutlar üçin düşümli bolar. Emma muňa garamazdan, hutlaryň öýde-de, işde-de hemmeler bilen jedelleşesi geler. Gözel ykbalyň size bagyşlan mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak üçin işleriňizi meýilleşdiriň, özgerişliklere taýýar bolup, duýgularyňyza erk ediň. Dostlaryňyzyň maslahatlaryna eýeriň, olardan köp peýda görersiňiz.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Ja­ny­ňyz sag, iş­le­ri­ňiz ug­ru­na bol­sun!

 

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys