Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we Kiprden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we awtobenzini satyn aldylar. Şweýsariýanyň we Owganystanyň täjirleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny, Beýik Britaniýanyň işewürler toparynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Russiýa, BAE, Türkiýe, Pakistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan döwletleriniň wekillerine daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, guradylan buýan köki we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 33 million 494 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Şotlandiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Gazagystandan, Ermenistandan gelen işewürler nah ýüplügi, pagta soapstogynyň çig ýagly kislotasyny, pagta galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 91 million 265 müň manatlykdan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 965 müň manatlyga golaý polipropilen haltalaryny we pagta süýümini satyn aldylar.
Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!