SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Goňşularymyzda «Sputnik V» sanjymy urlup başlady

Ertir ― 9-njy fewralda Eýranda Russiýanyň «Sputnik V» sanjymyny urmaga köpçülikleýin girişiler. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginden habar berildi.

Aýdylmagyna görä, ilkinji nobatda hassahanalaryň reanimasiýa bölüminiň lukmanlaryna sanjym ediler.

IRNA agentliginiň habar bermegine görä, Eýranyň hökümeti synagdan geçirip, «Sputnik V»-ni iň ygtybarly sanjym diýlip yglan etdi we ýurtda sanjym toplumlaýyn import edildi.

Sanjymyň ilkinji tapgyry 4-nji fewralda getirildi. Ýakynda ýurda 4,2 million dozada «AstraZeneca» sanjymynyň hem gelmegine garaşylýar.

Dekabr aýynda Eýranyň özüniň «Razi Cov Pars» sanjymynyň hem kliniki synaglaryna başlanyldydy. Ýurduň Prezidenti Hasan Ruhani sanjymyň tomsuň başynda ulanylyp başlanjakdygyny aýdýar.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Related posts

Slowakiýa “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy

Hytaýda 1 milliard doza sanjym edildi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri