SPORT

Futbol täzelikleri: Salahyň üstünligi, Afellaýyň futboldan gitmegi

Niderlandlar Patyşalygynyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň öňki ýarymgoragçysy Ibrahim Afellaý futbol ýoluny tamamlandygyny habar berýär.

“Men umyt eden zadyma ýetip bilmedim. Ýöne muny örän rahat kabul edýärin” diýip, Afellaý belläp geçýär. 35 ýaşly ýarymgoragçy “PSW” futbol toparynda terbiýelenýär. Özüniň karýerasy dowamynda “Barselona, Şalke-04, Olimpiakos we Stok Siti” ýaly toparlarynda çykyş edipdir. Has hem bu oýunçy “Barselona” toparyna transfer bolanda meşhurlyga eýe bolupdy. 2019-njy ýylda ýene-de “PSW” toparyna gaýdyp gelýär, geçen ýylyň tomusynda bäri erkin agent hökmünde tanalýar.

 

************

“Liwerpul” toparynyň hüjümçisi Mohamed Salah “West Hem” toparyna geçiren iki goly bilen toparyň taryhyna girmegi başardy. Müsürli oýunçy häzirki wagtda çykyş eden ýaryşlarynda jemi 21 gol geçirmegi başardy. 1984/85-nji ýyldan bäri yzly-yzyna dört möwsümde 20 ýa-da has köp pökgi geçiren toparyň ilkinji oýunçysy boldy. Salah meşhur toparyň hüjümçisi Ýan Raşyň gazananlaryny gaýtalamagy başardy.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady

FIFA we Saud Arabystany ösüp barýan ýurtlara ýeňillikli karz berer