JEMGYÝET

“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” medaly tassyklandy

Şu ýyl ýurdumyzda ilkinji gezek Türkmen alabaý itleriniň baýramy geçiriler. Şol baýramçylygyň çäklerinde alabaý itleriniň gözellik bäsleşigi guralar. Bu gözellik bäsleşiginiň netijesi boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen medalyň gowşurylmagy meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen medalyň nusgalary görkezildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Milli Liderimiz bu medala käbir düzedişler geçirip makullady. Medalyň bir tarapynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen ýazgy bar. Beýleki tarapynda bolsa Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy diýen ýazgy we onuň nyşany ýerleşdirilipdir.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjyny durmuşa geçirmek maksady bilen Aşgabatda «Türkmen alabaý itleri» Assosiasiýasy döredildi. Soňra ol Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylda neşirden çykan «Türkmen alabaýy» kitaby ähmiýetli ylmy-barlag materiallarynyň toplumyna esaslanan bolup, türkmen halkynyň milli baýlygynyň – türkmen alabaýlarynyň düýpli öwrenilmegine uly goşant goşýandyr.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

EKSPO-2025: Türkmenistanyň pawilýony 2 milliondan gowrak myhmany kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Stanfordly türkmen alym: “Makul Sözlük” – nesiller bilen diaspora arasynda gurlan täsin bir köprüdir

Antoniu Guterriş Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri