JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Oraza aýy mynasybetli gutlady

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna mübärek Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Bu mukaddes aý taryhynyň, diliniň, dininiň, medeniýetiniň umumylygy bilen baglanyşan özbek hem-de türkmen halklarynda aýratyn ruhubelentlik duýgusyny döredýär.

Özbek we türkmen halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen dostluk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalarymyzyň hem-de syýasy erkimiziň netijesinde gün-günden pugtalandyrylýandygy guwandyryjydyr. Soňky ýyllarda ýokary derejedäki işjeň syýasy dialogymyzyň, gazanylan möhüm ylalaşyklaryň strategik hyzmatdaşlygymyzy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigine we doganlyk halklarymyzyň abadançylyk derejesini has-da ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.

Şu mübärek günlerde Beýik Allatagaladan Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş dileýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

Ýene-de okaň

2026;Hepdelik täleýnama (27-nji aprel-03-nji maý)

Türkmen suratkeşi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy

35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini bedew baýramy bilen gutlady

Rustam Minnihanow: Tatarystan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde Russiýanyň esasy merkezi

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy