DÜNÝÄ

Bill Geýtsiň täze maksatnamasy

“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan Bill Geýts täze maksatnamasynyň üstünde işleýär. Onuň esaslandyran maýa goýum kompaniýalarynyň biri awiasiýa kompaniýasyny satyn almagy meýilleşdirýär. Munuň üçin 4,3 milliard dollar teklip edilendigi aýdylýar.

“Cascade Invesment” kompaniýasynyň Beýik Britaniýanyň “Signature Aviation” atly awiasiýa şereketini atyn almak babatda ylalaşyk gazanandygy bellenip geçilýär.

Bill Geýts barada…

“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts dünýäniň iň baý üçünji adamydyr. Geýts soňky ýyllarda baýlygyny we wagtyny haýyr-sahawat işlerine aýyrýar.

Bill Geýts we aýaly Melinda Geýts bilen bilelikde esaslandyran gaznasynyň işleri bilen meşgullanýarlar. Bu gazna arkaly çagalaryň dürli kesellerden goralmagy hem-de garyplygyň aradan aýrylmagy babatda dürli taslamalary durmuşa geçirýärler. Bill Geýtsiň bu gazan 50 milliard dollar serişde gönükdirendigi aýdylýar.

Soňky döwürde koronawirus bilen baglanyşykly taslamalarda maddy goldaw berýän Geýts bu babatda millionlarça möçberinde pul serişdelerini gönükdirdi.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçihanasy Ploeşti şäherinde Aziýa medeniýet festiwaly

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy

Donald Tramp dünýä klublary çempionatyň final duşuşygyna gatnaşar

Gazagystan Turgundy-Hyrat demirýol gurluşygyna maýa goýýar

Türkmenistanyň ilçisi Serbiýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi