DÜNÝÄ

Daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Iki ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasyndaky ylalaşyklar esasynda gün tertibine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar, şeýle hem, sebit we halkara formatda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hem-de Hazarýaka bäş döwletiniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň çägindäki gatnaşyklary boýunça pikir alyşdylar.

Bellemeli zat, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistan Russiýanyň koronawirus sanjymyna ýokary baha berdi

Bulary hem okaň!

Ene süýdi :0-6 aýlyk döwürde çagany iýmitlendirmek

6-12 Aýlyklarda çagany dogry iýmitlendirmek kadalary

 

12-23 aýlyklarda çagany dogry iýmitlendirmek

 

Ýene-de okaň

Uganda Türkmenistanyň nebitgaz tejribesi bilen gyzyklanýar

Türkmenistanyň wekiliýeti “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň Ýewropa boýunça Komissiýasynyň 72-nji mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Mejlisiniň Başlyklary Buharada duşuşdy

Azerbaýjanyň wekiliýeti Aşgabatda GDA-nyň Demir ýol ulaglary geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmen-türk işewürlik gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Si Szinpin we Donald Tramp duşuşdy

Ata Watan Eserleri