Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu çärä sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkiýäniň belli ylmy işgärleri gatnaşdy.
Täze neşiriň tanyşydyryş dabarasynyň barşynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýewiň, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Oralyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory B.Orazdurdyýewanyň, Türkmen-türk dostluk jemgyýetiniň başlygy H.Ýüjeliniň, «Adalat» gazetiniň baş redaktory M.Nuryýewiň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň ylmy işgärleriniň çykyşlary diňlenildi.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň okyjylary türkmen halkynyň medeni aýratynlyklary we baý ruhy dünýäsi bilen tanyşdyrýan bu eseriniň özboluşlylygy barada bellediler. Kitapda iki halkyň däpleriniň we ata-babalarynyň aýdan sözleriniň meňzeşligi barada mysallaryň köpüsiniň getirilendigi hakynda bellenip geçildi.
Bu neşir türkmen halkynyň däp-dessurlaryny öwrenýän giň türk ylmy jemgyýetçiligi üçin uly mümkinçilikleri döredip, türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösüşinde wajyp waka bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň bu gymmatly eseri hytaý, ýapon, rus, azerbaýjan, gruzin dillerine hem terjime edilip, çap edildi.
Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!