SPORT

Çempionlar ligasy: “Barselona”, “Ýuwentus” indiki tapgyrda

Ýewropanyň öňdebaryjy ýaryşlarynyň biri hasaplanýan Çempionlar ligasynda toparçalardaky 4-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra indiki topara gejek toparlar mälim boldy. “Barselona., “Ýuwentus”, “Çelsi” we “Sewilýa” toparlary indiki tapgyra çykmagy başardy. Rus toparlaryndan “Zenit” we “Krasnodar” uly şowsuzlyga uçrady. Geçen duuşykda “Mançester Ýunaýted” toparyny öz meýdançasynda ýeňmegi başaran “Istanbul Başakşehir” topary bu gezek şol üstünligine gaýtalap bilmedi. Iňlis topary 4:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy.

Duşuşyklaryň netijeleri şeýle:

“Renn – Çelsi” 1:2

“Krasnodar – Sewilýa” 1:2

“Borussiýa Dortmund – Brýugge” 3:0

“Lasio – Zenit” 3:1

“Dinamo Kiýew – Barselona” 0:4

“Ýuwentus – Ferenswaroş” 2:1

“Mançester Ýunaýted – Istanbul Başakşehir” 4:1

“PSŽ – RB Leýpsig” 1:0

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

 

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi