TEHNOLOGIÝA

Ispaniýadaky taksiler hem uçup başlar

Ispaniýanyň Barselona we Santýago-de-Kompostela şäherlerinde syýahatçylar uçarmansyz aero-taksilerde gezelenç edip bilerler.

«Enaire» aeronawigasiýa döwlet kompaniýasynyň berýän habaryna görä, bu mümkinçilik 2022-nji ýylda dörediler. Ýerli hökümet şeýle taksiler syýahatçylar we ýerli ýaşaýjylar üçin göwün açyjy çäre hökmünde döretmegi meýilleşdirýär.

Eýýäm uçýan taksileriň ilkinji nusgalary «Tecnalia» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Mälim bolan ilkinji maglumatlara görä, uçýan taksiler 300 metr belentlige çenli galyp biler. Olaryň aňrybaş tizligi bolsa sagatda 60 kilometre ýeter.

Bir adama niýetelenen taksilerde ýolagçynyň ornuna agramy 150 kilograma çenli bolan ýükleri daşamak hem mümkin bolar.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi