TEHNOLOGIÝA

Italiýadan dokma enjamlary, Awstriýadan aragatnaşyk enjamlary satyn alnar

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň dokma pudagyny hem-de aragatnaşyk ulgamyny has-da ösdürmäge degişli möhüm resminamalara gol çekdi.

ITALIÝADAN DOKMA ENJAMLARY SATYN ALNAR

Hormatly Prezidentimiz dokma senagaty pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundna beýläk-de berkitmek maksady bilen degişli Karara gol çekdi.

Şol resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynda dörediljek düýe ýüňüni we geçi çöprüni egirip, ýylda 130 tonna ýüň ýüplügini öndürýän önümçiligi hem-de Daşoguz pagta egiriji fabriginde dörediljek nah we ýüň galyndylaryny, gamyş we gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde we gurluşygynda ulanylýan agaç we izolasiýa serişdeleriniň ýylda 7200 tonnasy öndürýän önümçiligi gurmak üçin Italiýanyň “Cormatex” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

Italiýanyň kompaniýasy bu enjamlary Türkmenistanyň çägine getirmek, ýerinde gurnamak hem-de sazlamak işlerini amala aşyrar.

AWSTRIÝA KOMPANIÝASYNDAN ARAGATNAŞYK ENJAMLARY ALNAR

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Turkmenaragatnaşyk” agentligi Awstriýanyň “Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH” kompaniýasy bilen Türkmenistanda radio ýaýradyş toruny giňeltmek üçin zerur bolan FM radio ýaýradyjy enjamlaryny satyn almak, gurnamak we işe girizmek üçin şertnama baglaşar.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

 

Ýene-de okaň

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy