TEHNOLOGIÝA

Jeff Bezos: Adamlar ýakyn wagtda kosmosda dünýä iner

“Amazon” we “Blue Origin” kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos ABŞ-nyň kosmos syýasaty barada “NASA”-nyň dolandyryjysy Bill Nelson we beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen ýygnakda çykyş etdi. Bezos geljekki asyrlaryň dowamynda kosmosda adamlaryň dünýä inmegi üçin şertleriň döredilip bilinjekdigini belledi. Ol munuň üçin bir million adama niýetlenen ullakan ýüzýän silindrleriň döredilmegini teklip etdi. Şeýle hem, derýalar, tokaýlar we ýabany tebigatlar bilen birlikde Ýeriň agyrlyk güýjüniň kosmosda döredilip bilinjekdigini aýtdy.

57 ýaşly telekeçi Bezos: “Asyrlaryň dowamynda kosmosda köp adam dünýä iner, bu olaryň ilkinji öýi bolar. Olar “Yellowstone” milli seýilgähine baryp syýahat edişiňiz ýaly, Ýere baryp syýahat ederler”-diýdi.

Şeýle hem Bezos kompaniýasynyň ady bolan “Blue Origin”, Ýeriň soňky ykbaly däl-de, adamzadyň başlangyç nokadydygyny aýdyp, “Mydama kosmosa barýan ýol hökmünde gören zatlarymy gurmak üçin “Blue Origin” ýaly bir kompaniýanyň bolmagyny arzuw edýärdim” diýip, gürrüň berdi.

Bezos Prinston uniwersitetinde elektrik we kompýuter ylymlary boýunça inženerçilik ugrundan okaýarka, şol döwürde mugallymy bolan fizik Gerard O’Niliň futuristik garaýyşlarynyň özüne täsir edendigini aýtdy.

Kosmosda siwilizasiýa düşünjesi ilkinji gezek 1970-nji ýyllarda Bezos uniwersitetiniň mugallymy O’Nil tarapyndan girizilipdi. Pikiriň merkezinde ýaşaýyş merkezleriniň güýjüne esaslanýan emeli agyrlyk güýjüni döredip, kosmosda aýlanmagy mümkin edip bilýär.

Iki ýyl mundan ozal eden çykyşynda Bezos: “Özüňizi ýylyň iň gowy gününde diýip göz öňüne getiriň. Ýagyş ýagmaz. Ýer titremesi bolmaz. Bu ýerde ýaşamak islärsiňiz” -diýdi.

 

Halkara Bitaraplyk güni: halkara maslahat geçiriler

 

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar