JEMGYÝET

Taryhda şu gün – 6-njy noýabr

Şu gün 6-njy noýabr, ýylyň 310-nji güni. Geliň, 6-njy noýabrda bolan taryhy wakalar, dünýä inenler we aradan çykanlar barada gysgaça maglumatlar bilen tanyş bolalyň.

Taryhy wakalar:

2012 — Barak Obama ABŞ-nyň prezidenti gaýtadan saýlandy.

1947 — “Metbugat bilen tanyş” atly ilkinji gepleşik ýaýlyma berildi. Bu ýaýlym ABŞ-nyň iň uzak wagtlap işleýän gepleşigi boldy.

2018 — Aleksandria Okasio-Kortez ABŞ-nyň Wekiller palatasyna agza saýlandy. Ol 29 ýaşynda saýlanan iň ýaş adamdyr.

2005-nji ýylda J.K.Rowlingiň kitaplaryna esaslanan 4-nji film “Garri Potter we ot äýnegi” filmi Londonda görkezilýär. 900 million dollar töweregi girdeji gazanyp, ýylyň iň üstünlikli filmi bolýar.

1994 — Emomali Rahmon Täjigistanyň prezidenti hökmünde ykrar edildi.

Dünýä inenler:

1932 – Fransua Englert — Belgiýanyň fizigi we akademigi, Nobel baýragynyň eýesi

1880 – Ýoşisuke Aikawa — Ýaponiýaly telekeçi we syýasatçy “Nissan Motor” kompaniýasynyň esaslandyryjysy.

1986 – Ben Rektor — amerikaly aýdymçy, aýdym ýazyjy we sazanda

1962 – Nadežda Kuželnaýa — rus piloty we öňki kosmonawt

1955 – Mariýa Şriwer — amerikaly žurnalist we ýazyjy.

Aradan çykanlar:

2015 – Ishak Nawon — Ysraýylyň ýazyjysy, dramaturg we syýasatçy, Ysraýylyň 5-nji prezidenti.

2015 – Bobbi Kempbell — iňlis futbolçysy we tälimçisi.

2013 – Tarla Dalal — hindi aşpezi we ýazyjy.

2009 – Ron Sproat — amerikaly ssenarist we dramaturg.

2007 – Hilda Braid — iňlis aktrisasy we aýdymçysy

 

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Milli Liderimiz Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň belent münberinden täze başlangyçlary öňe sürdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasy bilen duşuşdy