SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan Syýahatçylyk guramasyna wekil belledi

Türkmenistanda syýahatçylyk pudagynyň işjeň ösdürilmegine uly üns berilýär. Ýurduň taryhy we medeni ýagygärlikler toplumy we beýleki dynç alyş we sagaldyş merkezleri, şol san-da “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýerli we daşary ýurtly jahankeşdeleriň ünsüni çekýän esasy syýahatçylyk mekanlary bolup durýar.

Türkmenistan bilen Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň arasyndaky hzymatdaşlygy has-da ösdürmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz bu barada degişli Karara gol çekdi. Milli Liderimiziň Karary bilen, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Berlin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimurat Rejepow Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar