ATAWATAN ESERLERİ

Gara bagtym

Ýagyş batly ýagýardy. Gök gümmürdäp, ýyldyrym çakyp duran howadaky agy sesi hem gorkunç we gynandyryjy bolup eşidilýärdi.

Kakasy Aýmelegiň ýüzüne iýäýjek ýaly bolup seredip:

  • Sen diňe şoňa durmuşa çykarsyň. Saňa başga näme gerek? Saňa ýag iýdirip, ýüpek geýdirjekleriň biri, bar günäsi birinji aýalynyň ýogalmagymy? Olam näme adamçylyk bolup biljek ýagdaý. Garaz men seň yňňy-myňňyňa seretjek däl indi, toý bolar wessalam!
  • Kaka, meni şunça ýyl eklediň, sakladyň, zada zar etmediň. Saňa gaty minnetdardyryn. Ýöne men okajak, meň arzuwlarymy puç etme, meni beýdip ýakma. Şunça ýyllyk azabymy köýdürme –

diýip Aýmelek kakasynyň aýagyna ýykylyp aglaýardy.  Gyzynyň şeýlebir  naýynjar, ýalbaryjy äheňde seredýän gözlerine gözi düşen Maksat aga batly galdyran ellerini aşak goýberenini duýman galdy. Ol elini silkdi-de, otagdan çykyp gitdi.

Aýmelek adyna mynasypdy, melek diýseň melek. Akýüzli, owadan ullakan kirpikmen gara gözleri, ýaý şekilli gyýylyp duran gaşlary bardy. Uzyn gara saçlary bolsa ony asmandan düşen hüýr-periler deýin görkezýärdi. Şol wasp edilýän Aýmelek bu gün özüni dünýädäki iň bagtsyz gyz hasaplaýardy. Daşarda-da ýagyş diňipdi, gijäniňem ýaryndan geçipdi. Aýmelek bolsa kakasy çykyp gidenden soňra duran ýerinde doňup otyrdy. Birden ol tisginip gitdi. Derrew ýerinden turdy we baryp otagdaky ähli kitaplaryny howla daşady. Hemmesini üýşürip, birnäçe wagtlap ahmyrly gözleri bilen seredip durdy. Soňra elindäki otluçöpi otlap goýberdi, şeýdibem birgiden kitaby ýakyp harap eýledi. Kakasy bilen bolan wakadan soň birem aglamadyk Aýmelegiň gözünden edil şu wagt birje damja ýaş gaýtdy. Onuň içindäki gopýan harasaty welin aýdyp beýan eder ýaly däldi. Ol kitaplary bilen özünem ýakypdy.

Daň atdy. Aýmelek uklamandy. Maksat aga täret almak üçin daş çykan wagty, Aýmelek ýanyna baryp özüniň razylygyny aýtdy. Ol gahar üstünde karara gelipdi. Özüne nämeleriň garaşýandygyndan welin habarsyzdy. Şeýlelikde, gelnalyjy geldi, nika gyýyldy, Aýmelek bolsa gyzlyk dünýäsi bilen hoşlaşdy we indi bir baýyň ikinji aýaly boldy. Onuň adamsy Süleýman gazet çap edilýän edaranyň direktory bolup işleýärdi. Ol Aýmelegiň bilimli, okuwa höwesli gyzdygyny duýýar we ony edara işe alýar. Aýmelek gelin bolan öýüne öwrenşip başlaýar. Süleýman hem erbet adam däldi. Aýmelek Süleýmana ussalaryň durmuşy bilen baglanyşykly oçerk makala ýazjakdygyny we işçileriň özleri bilen gürrüňdeşlik geçirjekdigini ýaňzytdy. Süleýman eger ol bu işi başarsa gazetde hem çykarmaga söz berdi. Aýmelek ertesi günden işe başlady, ýakyn obalaryň birinden hojalyk  gurallaryny taýýarlaýan ussahanany tapdy. Gapydan ýaýdanjaňlyk bilen ätledi. Ussalaryň arasyndan biri bu ajaýyp gelni gördi we onuň habaryny almaga gaýtdy:

  • Salam
  • Salam, gowumysyňyz? Näme hyzmat?
  • Hudaýa şükür erbet däl. Men žurnalist, ussalaryň durmuşy bilen baglanyşykly makala ýazmak isleýän. Bu ýeriniň ýolbaşçysy bilen duşuşyp bilerinmi?

– Ýolbaşçymyz bu gün ýok, ýöne iş dolandyryjy şu ýerde şony çagyryp berip bilerin.

Ýaňky işçi gitdi, sähel salymdan üsti başy ýaňky ussanyňkydan känbir tapawudy bolmadyk gara gäz eşikleri bilen bugdaýreňk, saçlary ösgün we seredeniňde  içiňden geçip barýan ötgür gap-gara gözli bu eginleri ýaýbaň ýigidiň gözlerine gözleri düşende Aýmelek aljyrady, özüni ýitirdi we uzak seredip bilmän ýere seretdi.

  • Salamwaleýkum
  • Äliksalam. Işgäriňiz näme maksat bilen gelendigimi size duýdurandyr. Siz razymy?
  • Elbetde, bäriniň ýolbaşçysy meniň ýakyn dostum. Bu ussahanany biz bilelikde dolandyrýarys. Meň razylygymy onuňam razylygy hasap edibermeli. Siziň adyňyz näme?
  • Aýmelek.
  • Meň adym Wepa
  • Tanşanyma şat
  • Menem

Aýmelek işe başlady.  Bir hepde-de Wepa bilen şeýlebir ysnyşdylar, biri-birini günde görmese karar tapmadylar. Olaryň ikisem öz duýgylary hakda dil ýaryp bilmeýärdiler. Sebäbi, Aýmelek gelindi we bu gatnaşyklary köpçüligiň oňlamajakdygy göz-görteledi.  Bu ýagdaýlara düşünýän Wepa Aýmelekden daşlaşyp başlady. Aýmelek ussahana barsa gaçdy, ýolda şonuň göräýjek ýerlerinde gyzlar bilen gülşüp degişip ýörmäni çykardy.Bir gün Wepanyň dosty Jelil öz ejesini Aýmelegiň ýanyna goýberdi. Jeliliň ejesi Aýmelegi işe gidýän ýolunda saklamagy ýüregine düwdi, şeýle hem etdi. Ine, ahyry aňyrdan uz ýörüşli owadan gelin gelýärdi. Aýal ony saklady, salamlaşdylar, soraşdylar, garaz bu aýal oňa hökman bir möhüm zat aýtmalydygyny aýtdy. Olar golaýdaky çaýhanada ýerleşdiler. Aýal  gürrüňe başlady: “ Mundan 25 ýyla golaý wagt öň men bir oglana aşyk boldum. Men garyp gyz, özümem tansçydym, ýöne gaty owadandym. Ol oglana ene atasy özi ýaly baý gyzy alyp berdiler. Meň oglum boldy, çaga bolansoň, eger men çagany taşlasam, ol meniň bilen aragatnaşygyny bozmajagyny aýtdy, bolmasa-da hemme zada nokat goýjakdygyny ýaňzytdy. Men oglumy ýagyşly gije metjidiň ýanynda goýup gaýtdym. Soň ol men bilen 10 ýyla golaý wagt ýaşady. Soňam duýdansyzlykda,  maşgalasy bilen başga ýere göçdi. Men bolsa oglumy goýup gaýtsamam, ony yzarlaýadym. Men taşlap gidensoň oglumy ogullyga alan garrydan ýalbaryplar ony yzyna aldym. Oglum Jelil hakykaty bilensoň meni ýigrenýär, onuň bar arzuwy seniň gaýynataň, öz kakasyndan ar almak. Wepa-da onuň dosty olar seni aldaýarlar, seni diňe maşgalanyň abraýyny gaçyrmak üçin ulanýarlar…” mundan soňky sözleri Aýmelek eşitmäge çydamady, çaýhanadan ylgap çykyp, öýüne tarap ylgady. Otagyna gelip, gapysyny içinden kiltläp, bagyr paralaýjy ses bilen şeýlebir aglady, ony eşiden hiç bir adam çydap takat edip biljek däldi.

Hemme süýji ukuda ýatyrdy. Bir Aýmelegiň gözüne uky gelenokdy. Birden daşarda wagyrdy başlandy, tüssäniň ysy gelip başlady. Aýmelek hopugyp ýerinden galdy. Otagdan çykdy, öýe daş zyňylyp başlandy, tüpeň sesem eşidilýärdi, ol doňup galypdy. Şol wagtam Wepa balkondan kürsäp öýe girdi. Onuň ýanyna baryp bu günki aýdylan zatlaryň Jelil bilen baglanyşykly böleginiň dogrydygyny, ýöne bu işe goşulmaýandygyny,  häzirki gopgunam Jeliliň ar almak üçin edýändigini, oňa maşgalasyny halas etmelidigini aýtdy we ony söýýändigini boýun aldy. Ýangyn bolsa möwç alýardy. Onýança maşgaladakylar oýanyp gykylyklap başladylar, öýden daş çyksalaram öldürjekler içerde galsalaram ýanyp ölmelidir. Wepa Süleýmana : “ Men sizi halas etmäge geldim, olary özüm saklaryn, sen bolsa Aýmelegi alda gaç” diýýär. Ol ilki çykýar, yzyndanam beýlekiler. Wepa öňünden çykan adam bilen garpyşyp barýardy, birden onuň öňüne Jelil geçdi: “Meni saklajak bolma Wepa, meň duşmanymy halas edeniň üçin senem meniň duşmanym “ diýip onuň içinden pyçagy geçirýär. Bu wakany gören Aýmelek öýden çykyp gaçyp barýan Süleýmanyň elinden elini çekip alyp Wepa tarap yzyna okdurylýar:

  • Wepaaaa, ýok gitme, meni taşlamaa-

Diýip, ol Wepany gujaklap aglaýardy. Bu zatlary eşiden Süleýman doňup galýar, ol özüne tarap okdurylyp gelýän Jelilem görmedi. Ölüm zarbasy Süleýmanam sarsdyrdy. Aýmelek onam görüp tas däliräpdi. Ol iki sany: birä söýýän, ikinjisem örän hormatlaýan adamlarynyň ölüsiniň arasynda ýer bagyrtlap aglaýardy. Süleýman özüniň kaka boljagyndanam habarsyz dünýä bilen hoşlaşypdy. Aýmelek bolsa gara saçlaryny ýaýyp, maňlaýyny ýere urup-urup:

  • Ah gara bagtym, gara bagtym… diýip aglaýardy.

                                              Leýli Amanowa, Daşoguz welaýatynyň  Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň okuwçysy

 

 

             

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri