Eýranyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly sebitdäki ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni günortadan soň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, sebitdäki möhüm meseleleri we halkara ýagdaýyndaky soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu barada Eýranyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda iki ýurduň daşary işler ministrleri sebitdäki soňky ýagdaýlary gözden geçirip, şeýle hem sebitde uzak möhletleýin durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen diplomatik geňeşmeleri we syýasy tagallalary dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.
