DÜNÝÄ

Türkmenistanyň medeniýet ministri Bakuda geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň medeniýet ministri G.Myradaliýewiň baştutanlygyndaky wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy.

Wekiliýetiň ýolbaşçysy milli gymmatlyklary gorap saklamak, medeni mirasy geljekki nesillere ýetirmek hem-de medeniýetara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlap çykyş etdi.

Öz çykyşynda ministr Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň milli däp-dessurlary, medeni özboluşlylygy we taryhy mirasy gorap saklamaga, şeýle hem olaryň geljekki nesiller üçin dowamlylygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady.

Milli gymmatlyklary gorap saklamakda bilimiň we ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. G. Myradalyýewiň belleýşi ýaly, ýaşlar ekologik başlangyçlara, medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerine we syýahatçylyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi taryhy mirasy gorap saklamaga we ýurduň durnukly ösüşine goşant goşýar.

Ministr Türkmenistanyň halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarlylygynyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek, özara ynamy pugtalandyrmak hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin amatly şertleri döredýändigini hem belledi.

Medeni köpdürlüligiň ähmiýetini nygtamak bilen, ministr her bir halkyň diline, mirasyna we milli özboluşlylygyna hormat goýmagyň jemgyýetçilik ylalaşygyny we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şertidigini aýtdy.

Ministriň bellemegine görä, medeniýet halklaryň ýakynlaşmagyna, özara ynamyň pugtalandyrylmagyna we parahatçylykly hem-de durnukly ösüş üçin berk binýadyň döredilmegine ýardam berýän möhüm serişdedir.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Kuweýtde saparda boldy

Ata Watan Eserleri

Putin Aşgabatda birnäçe ikiçäk duşuşyklary geçirer

WUF13:Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy