JEMGYÝET

Bagt ministrligi dörediler

Kamçaktanyň gubernatory Wladimir Solodow sebitde Bagt ministrliginiň döredijiljekgini mälim etdi. Bu barada TASS-yň habarynda aýdylýar.

Maglumaty has takyklaşdyrmaly bolsa, täze ministrligiň resmi ady Durmuş üpjünçiligi we maşgala syýasaty ministrligi bolar.

«Gysgaça aýtsak, täze ministrlik adamlara bagt paýlar. Ol, esasan, kemmagal hojalyklara we adamlara ýardam berer. Olaryň iş bilen üpjün edilmegine gözegçilik eder» diýip, gubernator täze ministrligiň işi barada düşündiriş berdi.

Şeýlelikde, gubernator adamlara bagt paýlamagy meýilleşdirýär. 21-nji sentýabrda wezipesine girişen Solodow Kamçatkadaky ýaşaýyşy has hem gowulaşdyrmak üçin uly taslamalaryň ýene-de birnäçesiniň üstünde işleýär.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Related posts

Russiýa : Ykrar edilýän ýokary okuw jaýlary

vepa

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

UEFA Çempionlar Ligasy: “Arsenal” finalda “PSŽ” bilen duşuşar