MEDENIÝET

“Ilçiniň gyzy” filmi üçin 5 baýrak birden

“Star”-yň teleýaýlymynyň “Ilçiniň gyzy” (Sefirin Kizi) teleseriýaly millionlarça adamyň söýgüsini gazandy. Onuň şeýledigine 3-nji Halkara Izmir film festiwalynda 5 dürli kategoriýada baýrak almagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Onlaýn şekilde geçirilen dabarada baýrak alan aktýorlar teleseriýalyň jemgyýetçilik tor hasaplarynda paýlaşanlaryndan hoşal boldular.

Kino we telewideniýe hünärmenler birleşigi tarapyndan, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň, Kino Baş müdirliginiň goldawy bilen gurnalan 3-nji Halkara Izmir film festiwalynda bu teleseriýala oňyn synlar berildi. Bu festiwala birnäçe teleseriýallar gatnaşyp, ýeňijiler ses bermek arkaly saýlanyp seçildi.

Festiwalyň çäginde takmynan 1,5 aý bäri dowam edýän köpçülikleýin ses berişlige 150-den gowrak ýurt gatnaşdy. Neslihan Atagül Dogulu “Iň gowy aktrisa”, Engin Akyürek “Iň gowy aktýor”, Tülin Ýazkan “Iň gowy kömekçi aktrisa”, Uraz Kaýgylaroglu “Iň gowy kömekçi aktýor” we Beren Gensall “Iň gowy çaga artist” baýragyna mynasyp boldular.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

Ýene-de okaň

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy

Daşkentde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň kino günleri geçirilýär

2025-nji ýylyň Buker baýragyny wenger-britaniýaly ýazyjy Dewid Soloý gazandy

Aşgabatda Eýranyň miniatýura surat çekme we altyn çaýma sungaty boýunça ussatlyk sapaklary