BIZNES

«Rysgal» bank «RysgalPay» töleg hyzmatyny işe girizdi

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanda ilkinjileriň hatarynda QR kod — dessin tassyklanýan kod tilsimatyny ulanmak arkaly, «RysgalPay» töleg geçirmek hyzmatyny ulanyşa girizdi.

«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, «RysgalPay» töleg ulgamy, ilkinji nobatda, söwda we hyzmat nokatlarynda raýatlardan nagt däl görnüşde tölegleri kabul etmäge, şeýle hem raýatlaryň arasynda nagt däl pul geçirimlerini amala aşyrmaga niýetlenendir. Geljekde bu hyzmatyň çäklerini has-da giňeldip, ýaşaýyş jaý jemagat hyzmatlary boýunça tölegleri, jemgyýetçilik ulagynyň töleglerini, bank karzlaryny we beýleki tölegleri tölemek üçin ulanmak meýilleşdirilýär.

«RysgalPay» ulgamyna birikdirmek üçin söwda we hyzmat nokatlaryny ýöredýän telekeçiler we edara görnüşli taraplar bank bilen şertnama baglaşyp, «Play Market», «Apple store» ulgamynda ýa-da bankyň resmi internet saýtynda ýerleşdirilen programma üpjünçiligini mobil enjamyna ýüklemeli we gurnamaly. Bank tarapyndan berlen açar sözi hem-de SMS arkaly ugradylýan bir gezeklik kody girizip, programma girmeli. Programma tarapyndan döredilýän QR kody mobil enjamyň gönümel özünde, internet sahypasynda görkezip ýa-da çap edip, hasaplaşyk nokadynyň öňünde ýa-da başga oňaýly ýerde ýerleşdirip, tölegleri kabul edip bolýar.

Täze hyzmatyň programma üpjünçiligi köp sanly kassalary bolan söwda we hyzmat nokatlarynda birnäçe enjamda töleg kabul etmäge hem-de olara bir gözegçi tarapyndan gözegçiligi ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Öz gezeginde müşderiler hem, ýokarda belleýşimiz ýaly, hyzmata birikmek üçin banka ýüz tutup, programma üpjünçiligini mobil enjamyna ýükläp, gurnamaly. Soňra bank tarapyndan berlen açar söz we SMS arkaly ugradylýan bir gezeklik kod arkaly programma girmeli.

Töleg geçirmek üçin programmanyň «töleg geçirmek» düwmesine basyp, mobil enjamyň kamerasy töleg kabul edijiniň QR koduna gönükdirilýär, ýagny ol çarçuwanyň içine ýerleşdirilýär. Soňra tölegiň möçberi görkezilip, «töleg geçirmeli» düwmesine basylýar. Geçirilen töleg kabul edijiniň «RysgalPay» programmasynda dessine görünýär.

«RysgalPay» döwrebap elektron töleg hyzmatynyň ulanyşa girizilmegi milli ykdysadyýetimiz üçin oňaýly täsir edip, pul dolanyşygynyň tizligini has-da artdyrmaga ýardam eder. Hususan-da, täze hyzmat işewürlik subýektleri bilen raýatlaryň arasyndaky hasaplaşyklary ýeňilleşdirmäge, töleg terminallaryny satyn almak we bank kartlaryny taýýarlamak üçin çykdajylary aradan aýyrmaga, nagt pullary saklamak, daşamak, çykarmak we ş.m. bilen bagly çykdajylary azaltmaga, nagt däl tölegleriň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Şundan ugur alyp, ildeşlerimiziň QR kod tilsimaty arkaly «RysgalPay» töleg geçirmek hyzmatyndan netijeli peýdalanjakdyklaryna ynanýarys. Bu hyzmatyň ulanyşa giren ilkinji günlerinden «Bagtyýarlyk», «Halk market» ýaly birnäçe söwda merkezlerinde QR kod arkaly tölegleri geçirmek ýola goýuldy.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň Ikinji sebitara forumy geçiriler

Türkmenistanyň käbir etraplarynda döwrebap demirýol stansiýalary gurlar

Türkmenistanda geljek ýyl 40,1 milliard manat maýa goýum özleşdiriler

Azerbaýjan bilen Gyrgyzystan energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdi

Gyrgyzystan Türkmenistanyň ulag we port hyzmatlaryndan peýdalanmaga gyzyklanma bildirýär

Işewür dünýäsiniň iň täsirli 100 adamy