BIZNES

Birža täzelikleri: daşary ýurtly telekeçiler dokma önümlerini satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzini, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşleri, nah mata we nah ýüplügi, trikotaž matalary, öý hojalyk himiýa önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 40 million 791 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 7 million manatlyk gurluşyk materiallaryny satyn aldylar.

Related posts

Türkmenistanyň wodorod energiýasy boýunça “ýol kartasy” tassyklandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýanyň banklaryny Türkmenistanyň banklary bilen göni gatnaşyklary işjeň ösdürmäge çagyrdy

Türkmenistan pomidoryň eksportyny ýokarlandyrýar

Leave a Comment