SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türk Howa Ýollary : Aşgabat uçar gatnawlary barada

Soňky döwürde Türkiýeden Türkmenistana uçar gatnawlarynyň haçan başlanjakdygy baradaky sowallar yzygiderli gözlenýär habarlaryň arasynda ilkinjileriň hatarynda durýar. Halkara uçar gatnawlary barada www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna yzygiderli habarlar ýerleşdirýändigimiz üçin Stambul uçar gatnawlary haçan başlaýar ýaly soraglar bize köp gelip gowuşýar. Şol sebäpli bar bolan ýagdaýlara görä taýýarlanan şu habary saýtymyza ýerleşdirýäris.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkiýe Respublikasyndaky raýatlarymyzyň getiriljekdigi barada habar beripdik. Şol habarymyza laýyklykda, 24-nji sentýabrda täze görnüşli koronawirus pandemiýasy sebäpli Türkiýede galan türkmen raýatlarymyzyň 277-si “Boeing-77-200LR” uçary bilen ýurdumyza geldiler.

Şeýle hem “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkiýe döwletindäki  bilet satyş wekilhanasyny bolup durýan Hakim Turizm Akyıldızlar Dış Ticaret Ltd şti tarapyndan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com  saýtyna gelip gowşan maglumata görä, “Dünýäde ýiti öýken sowuklama keselini döredýän ýokanç kesel bolan COVID19 koronawirusyň köpçülikleýin ýaýramagyny we dartgynly epidemiologiki  ýagdaýyň dowam etmegini nazara alyp, “Türkmenistan” awiokompaniýasy Aşgabat-Stambul / Ankara-Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryny 01 Oktýabr 2020 senesine çenli togtatdy” diýlip bellenilýärdi.

THY-niň resmi saýtynda “Iň soňky gezek täzelenen görnüş: 23.09.2020” maglumatlaryna görä,  Aşgabat gatnawlary baradaky maglumat berilýär. Ýagny, 4 gün öň täzelen  bu maglumatlara görä, Aşgabat- Stambul uçar gatnawy 1 Oktýabr 2020 senesinden başlanýar we  bu maglumata görä, hepdede 4 gezek  uçuş amala aşyrylar. Bellemeli zat, THY-nyň resmi saýtynda öňem birnäçe gezek şeýle mazmunly maglumat ýerleşdirilendigine garamazdan uçuşlar amala aşyrylmady.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Russiýadaky wekilhanasynyň https://turkmenistanairlines.ru     internet  saýtynda ýa-da beýleki ynamly çeşmelerde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Stambul we beýleki ugurlar boýunça uçuşlar barada ýakynda täze maglumat ýerleşdiriler diýip garaşýarys.

Hormatly okyjylarymyz!

Stambul we beýleki ugurlar boýunça halkara uçuşlar barada bar bolan maglumatlara laýyklykda 1 Oktýabr 2020 senesine çenli togtadylandygyna garamazdan, 1 Oktýabr 2020 senesinden başlap dowam etjekdigi barada anyk maglumatyň bize mälim däldigini ýatlatmak bilen, eger şeýle maglumat ynamly çeşmelere ýerleşdirilen ýagdaýynda dessine Size  ýetireris.

Bellemeli zat, Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlary 1-nji noýabra çenli çäklendirilýär. Şeýle hem, “Türkmendemirýollary” agentliginiň  otly gatnawlary hem 1-nji noýabra çenli togtadyldy.

Sabyrly Jediler (Owlak) kimler

 

Halkara uçar gatnawlary baradaky habarlar bilen bir hatarda Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys.

Syýahatçylyk barada habarlarymyz okamak üçin şu ýere basyň!

Bulary hem okaň

Rejep Taýyp Ärdogan: Türkmenistana saparymy amala aşyryp bolar

Türkmenistan Garaşsyzlyk toýuny toýlaýar

Hormatly Prezidentimize ahalteke bedewi sowgat edildi

Garaşsyzlyk baýramy: Dabaraly harby ýöriş geçirildi

 

Türkmenistan’da Bağımsızlık Bayramı coşkusu

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy