JEMGYÝET

Hazarda balyk tutmak bolar

Türkmenistanda Hazar deňzinde senagat maksatly balykçylyk işiniň täzeden başlanmagyna rugsat berildi. Bu barada “Orient.tm” internet saýty habar berýär.

Bu internet sahypasynda ýerleşdirilen habara görä, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi, şeýle hem Döwlet Serhet gullugy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi bilen Hazar deňzinde senagat balykçylygyny guramagyň tertibi barada ylalaşdy, şondan soň degişli rugsatnama kabul edildi.

Senagat maksatly balykçylygy Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň hem-de Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky Ylalaşygyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň sebitdäki we dünýädäki epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşyklylykda, Hazaryň kenar ýakasyndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak hem-de suwa düşmek çäklendirmeleri 1-nji oktýabra çenli uzaldylandygyny mälim edipdik.

Bu habary şu linkden okap bilersiňiz!

Hazar deňzi boýunça täze çäklendirme

 

Söwda, jemgiýetçilik, hyzmat we sport kärhanalarynyň işine çäklendirmeleri uzaldyldy

 

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini Ga­raş­syz­lyk gü­ni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy