SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenhowaýollary» : Ýörite uçar gatnawlary dowam edýär

Daşary ýurtlardaky raýatlarymyzy ýörite uçar gatnawlary bilen ýurdumyza getirýän «Türkmenhowaýollary» agentligi  tarapyndan ýakynda  Russiýadaky we Belarusdaky ildeşlerimizi getiriler. «Orient» agentliginiň habar berşi ýaly, 6-njy sentýabrda Belarusdaky watandaşlarymyz Türkmenabadyň Halkara howa menziline getiriler. Russiýa Federasiýasyndaky ildeşlerimiz bolsa  8-nji sentýabr güni  Moskwa — Türkmenabat ugry boýunça Türkmenistana geler. Ýörite uçuşlar bilen ýurdumyza gelen raýatlarymyz Türkmenabat şäherindäki döwrebap saglyk merkezlerinde 14 günlük karantin gözegçilikde bolarlar.

Bellemeli zat, Belarusdaky we Hindistandaky watandaşlarymyzyň bir toparynyň eýýäm ýörite gatnawlar bilen ýurdumyza getirildi.

Ýadyňyzda bolsa ýakynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkiýe döwletindäki  bilet satyş wekilhanasyny bolup durýan Hakim Turizm Akyıldızlar Dış Ticaret Ltd şereketine salgylanyp Türkmenistanyň Stambul adaty gatnawynyň 1 Oktýabr 2020 senesine çenli togtadylýandygyny habar beripdik.  Onuň yzysüre bolsa  “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Russiýadaky wekilhanasynyň  https://turkmenistanairlines.ru     internet  saýtyna salgylanyp  görkezilen ugurlar boýunça adaty uçar gatnawlarynyň 30 Sentýabr 2020 senesine çenli ýatyrylýandygy okyjylarymyza ýetiripdik.

Bulary hem okaň!

Halkara gatnawlarda Stambuldan soňra beýleki ugurlar

Aşgabat-Stambul uçar gatnawlarynda täze möhlet

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady