BIZNES

Kompýuterler, týunerleriň we töleg terminallarynyň önümçiligi

Türkmenistanda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan elektron hem-de elektrotehniki harytlary we kompýuterleriň dürli görnüşlerini öndürmek ýola goýuldy. Elektron enjamlaryň önümçiligini giňeltmek maksady bilen, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň şahamçasyny açmak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Türkmen-innowasiýa» hususy kärhanasy bilen bilelikde Ahal welaýatynda, «Türkmen-tranzit» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde týunerleriň we töleg terminallarynyň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär diýlip Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde bellenip geçildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow daşary ýurtlardan getirilýän harytlary- elektron we elektrotehniki harytlary ýurdumyzda öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly arkaly mundan beýläk-de ösdürmek, elektron senagatyny döretmek maksady bilen, 2019-njy ýyldan başlap ýurdumyzda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» durmuşa geçirilýär.

Wise-premýer «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan öndürilýän bu kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalarynyň dünýä ölçeglerine gabat gelýändigi we iň täze programmalar bilen işlemäge mümkinçilik berýändigi barada hasabat berdi. Kärhanada ýokary tehnologiýaly binýat döredildi, maglumatlar we programma üpjünçiligi boýunça hünärmenler taýýarlanyldy.

Elektron enjamlaryň önümçiligini giňeltmek maksady bilen, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň şahamçasyny açmak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Türkmen-innowasiýa» hususy kärhanasy bilen bilelikde Ahal welaýatynda, «Türkmen-tranzit» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde týunerleriň we töleg terminallarynyň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

«Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy çagalar üçin okuw kompýuterlerini öndürýär, olar her ýyl ýurdumyzda 1-nji synpa barýan okuwçylara gowşurylýar. Olara ýüklenen programmalar dürli okuw wezipelerini ýerine ýetirýär we üç dilde — türkmen, rus, iňlis dillerinde işläp bilýär.

Degişli habarlar

154 374 çaga birinji synpa barar

Türkmenistanda kompýuter önümçiligi: 160 müň sargyt

 

medeniýet ulgamyna degişli habarlary okamak üçin 

Ýene-de okaň

“Fitch Rating” Türkmenistanyň karz reýtingini ýokarlandyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-özbek haryt dolanyşygy 940 million dollara barabar boldy

Lebapda şaly borçnamasy berjaý edildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy