JEMGYÝET

Kärendeçilere «Daýhan karzy» berler

Türkmenistanyň «Daýhanbank»  döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda pagta, bugdaý, şaly we gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan kärendeçilere «Daýhan karzy» atly karzy hödürleýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde ýerleşdirilen bildirişde bellenilip geçilýär. Şeýle hem bu karz hyzmaty babatda “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky resmi internet sahypasynda hem ýerleşdirilipdir.

Karzyň möçberi – bir gezekde 10 000 (on müň) manatdan ýokary bolmadyk möçberde; döwlet tabşyrygyna degişli önümlerden alan öňki üç ýylynyň sap peýdasyndan hasaplanyp, onuň bir aýa düşýän ortaça möçberiniň 40 göteriminden geçmezlik şerti bilen;

Karzyň göterimi – ýyllyk 10 (on) göterim;

Karz ugrunyň möhleti-1 (bir) ýyl;

Karzyň gaýtarylmaly möhleti – ekinleriň görnüşi boýunça:

pagta hasyly boýunça     –  dekabr aýynyň 25-ne çenli;

                          bugdaý hasyly boýunça  –  awgust aýynyň 25-ne çenli;

                          şaly hasyly boýunça        –  oktýabr aýynyň 25-ne çenli;

                          gant şugundyry boýunça  – dekabr aýynyň 25-ne çenli.

Karzyň üpjünçiligi  –  tölege ukyply daýhan birleşiginiň kepil haty ýa-da girew emlägi.

Habarlaşmak üçin, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna we onuň şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär