BIZNES

Eksport nyrhy arzanlaýar

IKAR agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, Russiýada ýetişdirilýän bugdaýyň 1 tonnasynyň eksport bahasy 205 dollardan 201 dollara düşdi. Agentlik muny islegler we bilen olaryň arasyndaky nyrhlaryň durnuksyz ýagdaýyna baglaýar.

«Häzir Russiýanyň bazary täze hasylyň basyşynyň täsirinde. Geçen hepde golbal görkezijilerde hem pese gaçyşlyk göze ildi» diýlip, rus metbugatynda aýdylýar.

Resmi maglumatalara görä, 1-nji iýul ― 14-nji awgust aralygynda Russiýa däneli ekinleriň 4,53 million tonnasyny eksport etdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründen 24 göterim azdyr. Şol sanda bugdaýyň eksporty 3,61 million tonna boldy. Bu eksportda hem 26 göterim pese gaçyşlygyň bardygy görünýär.

Her niçik hem bolsa Russiýa däneli ekinleri dünýäde iň iri eksport edijileriň hataryndadyr.

Ýene-de okaň

Pileçilerimiz Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyrdy

Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy

Türkiýä tebigy gazyň önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär

Hytaý kompaniýasy Hazarda ýel energetika taslamasy bilen gyzyklanýar

Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi

Astanada Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň ykdysadyýet we söwda ministrleriniň duşuşygy boldy