SPORT

Taýsonyň boks tutluşygy yza süýşürildi

Maýk Taýsonyň Roý Jones bilen ringe täzeden gaýdyp gelmegi 2,5 aý yza süýşürildi.

Öňki agyr agramly boks çempiony Maýk Taýsonyň soňky 15 ýylda ilkinji gezek halka çykjak duşuşygynyň senesi 28-nji noýabra süýşürildi.

Taýson öň 12-nji sentýabrda yglan edilen oýnuň bildirişini özüniň “Instagram” hasabynda mälim etdi we täze senäniň 28-nji noýabrdygyny belläp geçdi.

Karýerasynda 50 sapar ýeňşe, 6 gezek ýeňlişe sezewar bolan ussat türgen 1986-njy ýylda 20 ýaşynda wagtlary Trewor Berbiki nakaut edip, dünýäniň iň ýaş agyr agramly türgeni ada mynasyp boldy.

Dört dürli agramda çempionlyk guşagyny gazanan Jones 66 ýeňiş we 9 ýeňlişe sezewar boldy.

Ýene-de okaň

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy